- çaman
- 1) Ýyndam däl, ýüwrük bolmadyk, haýal gidýän ýaramaz çapýan (at, eşek hakda).∙ Dogrusy, göz öňüme çaman eşekli jerçi düşdi. (N. Saryhananow, Saýlanan eserler)∙ Çaman ördek ir uçar. (Nakyl)∙ Çaman-da bolsa, üsti amanja. (Nakyl)∙ Çaman at.2) Göçme manyda Çalasyn hereket edip bilmeýän, dogumly däl, dogumsyz gowşak.∙ Dogry, Welä bizem ýaman diýjek däl, hat-sowatsyz ýa-da çaman diýjek däl. (N. Pomma, Goşgular)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.